Hoş owazly saýraýan, gowy we köp saýraýan.
Onuň boýundaky goýry kölegeli nähnet çykanlar saýrak guşlaryň mekany boldy. (N. Pomma, Egri eýikmez)
Ol, gör nähili saýrak bilbildi! («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Göçme manyda Şadyýan gürleýän, çeper sözleýän, oňat aýdym aýdýan.
Saýrasyn çagalaň saýrak dilleri. («Pioner» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem saýrak - saýragy.