saýmak saý‧mak 1 işlik

[sa:ýmak]

Hasap etmek, hasaplamak.

  • Aýna Artygy özüne has ýakyn saýýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Eger kakamyň özüne duran ýeri ynamdar adamsy Ýelli bolsa onuň duran ýeri hemişe çukuryň gyrasydyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

saýmak saý‧mak 2 işlik

[sa:ýmak]

Saýgyç bilen urup tüýtmek (ýüň, pamyk we ş. m. barada).

  • Men hem goýunlaryň ýüňlerini gyrkmaly bolaryn, sen ony saýyp, keçe etmeli bolarsyň. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ýorgana salmak üçin ýygnap ýören ýarym halta çüprek ýüňüni tüýdüp çykdy, ony saýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • saýaly
  • saýan
  • saýanda
  • saýandygyny
  • saýanok
  • saýany
  • saýanyň
  • saýar
  • saýara
  • saýardy
  • saýarlar
  • saýarsyň
  • saýaryn
  • saýasy
  • saýaýsaň
  • saýdam
  • saýdy
  • saýdylar
  • saýdym
  • saýgyn
  • saýjagyny
  • saýjakmy
  • saýma
  • saýmady
  • saýmaga
  • saýmagy
  • saýmak
  • saýmaklyk
  • saýmaly
  • saýmalydyr
  • saýman
  • saýmaz
  • saýmazdan
  • saýmazlyk
  • saýmaýan
  • saýmaýandygy
  • saýmaýandygyny
  • saýmaýar
  • saýmaýardy
  • saýmaýarlar
  • saýsa
  • saýsaň
  • saýyp
  • saýypdy
  • saýypdym
  • saýypdyr
  • saýypdyrlar
  • saýyň
  • saýýan
  • saýýandygyna
  • saýýandygyny
  • saýýandyklaryny
  • saýýandyr
  • saýýanlaram
  • saýýanlardan
  • saýýanlygy
  • saýýanynyň
  • saýýar
  • saýýardy
  • saýýardylar
  • saýýarlar
  • saýýarsyňyzmy
  • saýýaryn
  • saýýarys