saýlanmak saý‧lan‧mak işlik

  1. Köp zadyň içinden saýlanyp, seçilip alynmak.

    • I. W. Miçurin çaknyşdyrmagy, ýagny ýörite saýlanyp alnan ösümlikleri emeli usul bilen tozanlandyrmagy giň ulanýardy. (W. A. Tetýurew, Botanika)

  2. Saýlawdan geçmek, saýlaw üsti bilen bir wezipä, wekilçilige bellenmek.

    • Arkaýyn dem alýar işden gelende, saýlanýar, saýlaýar, saýlaw bolanda. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  3. Köpçülikden ýa-da bir ýerden uzaklaşmak, arany açmak.

    • Annak dagy maşyna oturanlarynda ülker ýerden ýaňyja saýlanypdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Bular obadan ep-esli saýlanyp, bir erik agajynyň kölegesinde oturdylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Bir parhly alamaty bilen tapawutlanmak, beýlekilerden tapawutly bolmak.

    • Uzyn boýy gök meýdanda saýlandy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  5. Ösüp ýokary galyp başlamak.

    • Ýerden ep-esli saýlanan göm-gök öwüşýän goweçalara seretdigiňçe seredesiň gelýär. («Sowet Türkmenistany» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • saýlanaly
  • saýlanan
  • saýlananda
  • saýlanandan
  • saýlanandygy
  • saýlanandygyna
  • saýlanandygyny
  • saýlanandyr
  • saýlananlar
  • saýlananlara
  • saýlananlary
  • saýlananlarynda
  • saýlananlarynyň
  • saýlananlaryň
  • saýlananlygy
  • saýlanansoň
  • saýlanany
  • saýlananym
  • saýlananyndan
  • saýlananyň
  • saýlanar
  • saýlanardy
  • saýlanardyň
  • saýlanaýyn
  • saýlandy
  • saýlandy-da
  • saýlandygyny
  • saýlandyk
  • saýlandyklaryny
  • saýlandylar
  • saýlandym
  • saýlandyň
  • saýlanjak
  • saýlanjakdygyny
  • saýlanlarynda
  • saýlanlarynyň
  • saýlanma
  • saýlanmadyk
  • saýlanmadyklaryň
  • saýlanmadylar
  • saýlanmaga
  • saýlanmagy
  • saýlanmagyna
  • saýlanmagyndan
  • saýlanmagyny
  • saýlanmagynyň
  • saýlanmagyň
  • saýlanmak
  • saýlanmaklyga
  • saýlanmaklygy
  • saýlanmaklyk
  • saýlanmaly
  • saýlanmalydyr
  • saýlanman
  • saýlanmandygyny
  • saýlanmandyr
  • saýlanmasa
  • saýlanmasa-da
  • saýlanmasyna
  • saýlanmazdan
  • saýlanmazlygy
  • saýlanmazlygyndan
  • saýlanmazyndan
  • saýlansa
  • saýlansak
  • saýlansalar
  • saýlansyn
  • saýlanyp
  • saýlanypdy
  • saýlanypdyr
  • saýlanypdyr-da
  • saýlanypdyrlar
  • saýlanyň
  • saýlanýan
  • saýlanýana
  • saýlanýandygy
  • saýlanýany
  • saýlanýanyň
  • saýlanýança
  • saýlanýar
  • saýlanýardy
  • saýlanýarlar