Adamkärçilikli, edepli, salykatly, ýerlikli, saýhal.
Beýik Watançylyk urşy başlananda, ol özüniň görmegeý, saýhally, açyk we şat göwünli aýaly bilen ýaşaýardy. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Paýhasly, asuda.
Orator diňçilere ähmiýet bermän, töweregine saýhally garandan soň söze başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Onuň sesi iňrik garalanda Tussanyň kenarynda bizi gursap alan hemme zatlar ýaly dury we saýhallydy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Sen örän saýhally gepleýärsiň.