[sa:ýgylamak]
Gamçy, çybyk we ş. m. zat bilen yzygiderli urmak.
Ol öz atyny gamçy bilen saýgylamaga başlady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Wolostnoý köplükden saýlanandan soň, ýyldam atyň gidişini haýal gördi-de ony yzly-yzyna saýgylap, guş bolup uçdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Teýeneli söz aýtmak, kemçiligini ýüzüne basmak.
Näçe gyjyt berseň-de näçe saýgylasaň-da öňe bakan hereket etmän, gaýta arkan tesýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ony has degenekli, söz bilen saýgylasy geldi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)