saýgartmak saý‧gart‧mak işlik

  1. Görüp aňşyrtmak, aýyl-saýyl etdirmek, gördürmek, tanatmak.

    • Depelikler çala sudur bolup zordan saýgardýardy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Jaýyň içini tutan papirosyň goýy tüssesi onuň kimdigini bir bada oturanlara saýgartmady. («Kolhoz günleri»)

  2. Aňşyrtmak, duýdurtmak, bildirtmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem saýgartmak - saýgardýar, saýgardar, saýgardypdyr.


Duş gelýän formalary
  • saýgardanok
  • saýgardyp
  • saýgardýan
  • saýgardýardy
  • saýgartdy
  • saýgartjak
  • saýgartmady
  • saýgartmaýan
  • saýgartmaýandygyny
  • saýgartmaýardy