Aýyl-saýyl etmek, tanamak, görmek, bilmek, aňşyrmak.
Alasarmyk garaňkyda Hoşgeldi Onuň ýüz keşbini gowy saýgaryp bilmedi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Meniň-ä gözüm gowy saýgarmaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ol ýanlygyň sazyna gyzygyp, töwerekden gelýän-geçýäni-de saýgarmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Köprä golaý gelende maşinist onuň abat däldigini saýgarsa-da maý az bolany üçin, ony saklap bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göz ýetirmek, tanamak, bilmek.
Saýgarmady duşman nirde dost nirde? (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Men basjak ýerim bilen basmajak ýerimi gaty saýgarýan. («Sowet edebiýaty» žurnaly)