süzgüç süz‧güç

Suwuklygyň içindäki zady süzüp almak üçin gözenek-gözenek deşikli enjam.

  • Garry mallaryna ot berip, süýdi süzgüçden geçirip, gorküýzä guýdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem süzgüç - süzgüji.


Duş gelýän formalary
  • süzgüje
  • süzgüji
  • süzgüjinde
  • süzgüjinden
  • süzgüjine
  • süzgüjini
  • süzgüjiniň
  • süzgüjiň
  • süzgüçde
  • süzgüçden
  • süzgüçdir
  • süzgüçdäki
  • süzgüçler
  • süzgüçlerde
  • süzgüçlerden
  • süzgüçlerdäki
  • süzgüçlere
  • süzgüçleri
  • süzgüçlerinden
  • süzgüçlerine
  • süzgüçleriniň
  • süzgüçleriň
  • süzgüçli
  • süzgüçlik
  • süzgüçliler
  • süzgüçsiz