süsmek süs‧mek işlik

  1. Şahy, kellesi bilen batly dürtmek, kellesi bilen urmak.

    • Süsüp tasdan garnyny-da ýarypdy, saganja süýdüni ýere garypdy. («Tokmak» žurnaly)

  2. Baryp bir zada urmak.

    • Ýelli tamyň bir tarapynda guralan çoýun peçiň turbalaryny süsüp, özi hem peçiň üstüne ýüzin ýykylypdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem süsmek - süsdüm, süsdüň, süsüpdir.


Duş gelýän formalary
  • süsdi
  • süsen
  • süsendigini
  • süseni
  • süseninden
  • süsenini
  • süsenligi
  • süsenmiş
  • süserin
  • süserli
  • süseýinmi
  • süsmegi
  • süsmek
  • süsmäge
  • süsäýjek
  • süsäýmesin
  • süsäýse
  • süsäýseň
  • süsübem
  • süsüp
  • süsüpdi
  • süsüpdir
  • süsýänçä
  • süsýärmiň