Daşrakdan çenäp, dikilgi aşyklary urmak üçin ulanylýan tegelek ýülmek daş ýa gurşun.
Oglanjygyň sürpek zyňmaga ökdeliginden başga görkezer ýaly zady ýokdy. («Mydam taýýar» gazeti)
Meniň sürpegimi tapyp ber! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sürpek - sürpegi.