Ýöredip herekete getirmek (ulag, maşyn hakda).
Welosiped sürmek.
Bir ugra hereket etdirmek, ýöretmek.
Bular mallary gaty gowy bakardylar, nirede otluk ýer bolsa şol ýerik sürüp äkiderdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Oraz mallary otluga sürdi.
Itip ýerine eltmek, itip süýşürmek.
Ol tüpeňine ikinji gezek ok sürende, Kelhan onuň goşaryndan tutdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ekmek üçin topragyň ýokarky gatlagyny azal we ş. m. bilen agdarmak.
Siz ertir sürmeseňiz, galanja ýeriňiz tapdan çykar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Tarp hem-de boz ýerleri sürmek we özleşdirmek baradaky plan has artdy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Ýüzüni sürtmek, degip ýukaltmak.
Elleriniň aýasyny galtagyň sapy sürüp, awuşadyp alyp barýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem sürmek - sürdüm, sürdüň, sürüpdir.
seret höküm sürmek höküm sürmek
Emma agalyk sürýän toparlar sosial göreşi dürli ýollar bilen tireler arasyndaky göreşe sowmak isleýärdiler. («Mugallymlar Gazeti»)
seret döw 2
Gurt gartyň şärikdeşi-de ýokdy, zady-da ýokdy, ol pullar döwüniň süren gijesi utan puludy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret höküm
Jaýyň içinde tukat ümsümlik höküm sürýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Töwerekde gyzgalaňly hereket höküm sürýär. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
seret ömür
Ömür sürerin diýseň, batyr bol-da gel! (M. Gorkiý, Eserler)
seret öň
Patyşanyň bet işine protest bildirip, işçileriň iş taşlamadyk we syýasy talaplary öňe sürmedik hiçbir şäheri galmady. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
seret ugur
Hoşgeldi hem razyçylyk bildirip, onuň ugruna sürdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)