sürme sür‧me

Saçy, kirpigi we ş. m. garaltmak üçin ulanylýan boýag.

  • Gözüň gyzyl bolsa, sürme bilen gizläp bilmersiň. (N. Pomma, Egri eýikmez)

göze sürme etmek

seret göz

  • Döwlet üçin, halk üçin alada eden adamyň aýagynyň tozuny gözüňe sürme etseň azdyr. (Myraly)

sürme çekmek

Sürme çalyp owadanlanmak, sürme çalmak.


Duş gelýän formalary
  • sürmediler
  • sürmeler
  • sürmelerden
  • sürmelere
  • sürmeleri
  • sürmeleriniň
  • sürmeleriň
  • sürmeli
  • sürmelidir
  • sürmelimi
  • sürmesin
  • sürmä
  • sürmäni
  • sürmäniň