sürdürmek sür‧dür‧mek işlik

  1. Ýöretdirip herekete getirtmek (ulug hakda).

    • Has beter hem Kelew maşynyň rulundan ýapyşyp, möjege maşyny sürdürmedi. (N. Pomma, Egri eýikmez)

  2. Bir ugra hereket etdirmek, ýöretdirmek.

    • Mallary otluga sürdürdi.

  3. Itip süýşürtmek.

    • Kirşene bulaşyp ýatyr ol ine, Meret ok sürdürdi tüpeňe ýene. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Ekmek üçin topragyň ýokarky gatlagyny azal we ş. m. bilen agdartmak.

    • Ýer sürdürmek.


Duş gelýän formalary
  • sürdürdi
  • sürdüren
  • sürdürer
  • sürdürip
  • sürdürjek
  • sürdürmedi
  • sürdürmek
  • sürdüräýse
  • sürdürýäniniň