Ýuridik termin Deslapky derňew işini geçirýän prokuratura işgäri.
Harby söweş sudunyň sülçüsi Ezizi soraga çagyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Heniz köp gün hem geçmändi, bu işi derňemäge ýörite sülçi geldi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.
Meselem sülçi - sülçüde, sülçüler, sülçüsi.