süňk süňk at

  1. Anatomiýa Adam, haýwan bedeniniň aýry-aýry skelet bölekleri.

  2. Göçme manyda Beden, göwre.

    • Işde berkän süňküň tejribede bişen eliň hünäri bap-başgadyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Göçme manyda Arryk, hor.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem süňk - süňküm, süňküň.

etden geçip süňke ornamak

seret et

süňk başy iri

Süňki iri, süňklek, daýaw (adam barada).

  • Ol eli berdaşly, süňk başy iri, daýaw adamdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

süňküni sanabermek

Örän arryk bolmak, hor düşmek.


Duş gelýän formalary
  • süňkde
  • süňkden
  • süňkdäki
  • süňkdür
  • süňke
  • süňkem
  • süňki
  • süňkler
  • süňklerde
  • süňklerden
  • süňklerdäki
  • süňklere
  • süňkleri
  • süňkleri-de
  • süňkleridir
  • süňklerim
  • süňklerinde
  • süňklerinden
  • süňklerindendir
  • süňklerine
  • süňklerini
  • süňkleriniň
  • süňkleriň
  • süňkli
  • süňklük
  • süňklülere
  • süňklülik
  • süňksüz
  • süňküme
  • süňkümiz
  • süňkün
  • süňkünde
  • süňkünden
  • süňkündäki
  • süňküne
  • süňküni
  • süňküniň
  • süňküň
  • süňküňe
  • süňküňizden