Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.
Meselem süňňi - süňňüde, süňňüler, süňňüsi.
Özünde bir hili gowşaklyk duýmak.
Altynyň Annagula gözi düşenden süňňi gowşady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Sagdyn bedenli, jany sag.
Alty sany çaganyň enesi bolsa-da onuň süňňi sagatdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Örän ykjam, dogumly, çalasyn hereket edýän (adam hakda).
Azap, ezýet, horluk görmek.
Gahardan, gorkudan we ş. m. ýaňa özüni asyda saklap bilmezlik.
Artyk öz süňňüňi tutup bilmeýän ýaly syzdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytyl ädim)