süýtli süýt‧li sypat

  1. Süýt guýlan, süýt goşulan.

    • Süýtli çörek.

  2. Köp süýt berýän, süýdi köp bolan (mal hakynda).

    • Bu gaty süýtli sygryň tohumyndandyr. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem süýtli - süýtlüde, süýtlüler, süýtlüsi.


Duş gelýän formalary
  • süýtlüje
  • süýtlüligem
  • süýtlüligi
  • süýtlüligine
  • süýtlüligini
  • süýtlülik