Süýri etmek, bir tarapa uzaldyp süýri etmek.
Ol toýda agzyny süýreldip, öwez ara düşmeli däl ahyry! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Uzatmak, somlamak.
Ýeri, eliňi gowurga çemçesi ýaly süýreltmesene! («Tokmak» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem süýreltmek - süýreldýär, süýrelder, süýreldipdir.