Süýri bolup ugramak, bir tarapa uzalyp, inçelip süýri forma eýe bolmak.
Onuň çagajyk wagtynda saralan kellesi süýrelip durdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Süýrege alynmak, çekilip, südürdiklenip alnyp gidilmek.
Urulyp, süýrelip, atyň yzynda, Essi aýylyp, ysgyn ýokdy özünde. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Hemaýat edilmek, kömek edilmek, goldalmak.
Köp geýilmek, geýlip köneldilmek.
Onuň keltekçesiniň süýrelip takyry çykypdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)