sörtük sör‧tük

Gündogar tarapdan öwüsýän ýakymsyz şemal.

  • Pessaýja ösýän sörtük şemal bizi üşetmän hem durmady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Baglaryň saralan ýapraklaryny ösýän sörtük şemal ýelpeýär. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sörtük - sörtügi.


Duş gelýän formalary
  • sörtükden