sönmek sön‧mek işlik

  1. Ýanyp duran ot ýa-da başga bir zat ýanmasyny bes etmek, öçmek.

    • Suwly gazanyň aşagyndaky ýandak çöplemesi söndi. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  2. Birine ýa-da bir zada bolan duýgy, hyjuw, meýil öçmek.

    • Döwlet bähbidini garamak duýgusy Aýsoltanda hiç wagtda sönmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem sönmek - söndüm, söndüň, sönüpdir.


Duş gelýän formalary
  • söndi
  • söndüm
  • söndür
  • sönen
  • sönende
  • sönenden
  • sönenine
  • sönensoň
  • söner
  • sönme
  • sönmedi
  • sönmedik
  • sönmegini
  • sönmeginiň
  • sönmek
  • sönmeklik
  • sönmerin
  • sönmesin
  • sönmez
  • sönmeýärdi
  • sönmäge
  • sönmän
  • sönmänim
  • sönäýdi
  • sönüp
  • sönüpdi
  • sönýän
  • sönýäni
  • sönýänçä
  • sönýär
  • sönýärdi