Gurulgy zady bozdurmak, bölek-bölek etdirmek.
Ol çig kerpiçden salnan öz haýatyny sökdürip, bişen kerpiçden saldyrdy. («Tokmak» žurnaly)
Geýimiň we ş. m. tikinini sogurdyp, bölek-bölek etdirmek.
Köpýyllyk ekinleriň ýerini sürdürmek.
Ýorunjany sökdürip, ýerine başga ekin ekdirmek gerek.
Köp agtartmak, gözledik gapy-gapy aýlandyrmak.
Ony heläk edip, uzak ýoly sökdürip çagyrmak gerek däl ekeni.
Ýuridik termin Bir işe täzeden garatmak.
Ol özüniň bigünädigini subut etmek üçin, işini sökdürip, täzeden seretdirmek isleýär.