Gowy görmeklik, halamaklyk duýgusy, yşk.
Şol wagt öz söýgüsine hyýanat eden Mähriniň suraty onuň gözüniň öňüne geldi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Türkmen halkynyň Keminä bolan söýgüsi örän güýçlüdir. («Edebiýat»)
Bir zat hakynda döreýän isleg, arzuw, meýil.
Onuň okuwa bolan söýgüsi gün-günden artýardy.
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.
Meselem söýgi - söýgüde, söýgüler, söýgüsi.
Söýginiň dady, lezzeti.
Söýginiň meýinden sen gana-gana, Her pasylda täze görnüş alarsyň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)