Bir zady berk saklamak üçin direlýän direg, söýeg, daýanç.
Ýaş ýigit tirseklerini dyzyna diräp, elleriniň aýasyny eňegine söýget etdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Ýardam, goldaw, kömek.
Aljyraňňy arçyna Jumadurdynyň sözi söýget boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem söýget - söýgedi.