söýgüli

  1. Gowy görülýän, aşyk bolnan, halanýan, söýülýän.

    • Öz söýgüsine wepadar, ykraryna berk bir söýgüli tapan bolsaň, meniň ol ara düşmäge hakym ýok. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Onuň ýadyna söýgüli aýaly düşýär. («Tokmak» žurnaly)

  2. Gowy görülmeklige mynasyp bolan.

    • Söýgüli şahyrymyz Magtymgulynyň goşgulary höwes bilen okalýar.


Duş gelýän formalary
  • söýgülileri
  • söýgülilerine
  • söýgülileriň
  • söýgülilik
  • söýgülim
  • söýgülimden
  • söýgülime
  • söýgülimi
  • söýgülimiň
  • söýgüliniň
  • söýgülisi
  • söýgülisinden
  • söýgülisine
  • söýgülisini
  • söýgülisiniň
  • söýgüliň
  • söýgüliňe