söýülmek işlik

Biriniň söýgüsine mynasyp bolmak, gowy görülmek, isleg-arzuwa duş bolmak, halanmak.

  • Ýene-de söýersiň hem söýlersiň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Edil ýaşlykda çaganyň ejesi tarapyndan söýülmegini gowy görşi ýaly, maňa-da bu ýakymlydy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Däli dälini söýer, molla -- ölüni. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem söýülmek - söýler, söýlüpdir.


Duş gelýän formalary
  • söýleliň
  • söýlen
  • söýlenden
  • söýlenler
  • söýlersiň
  • söýlüp
  • söýüldi
  • söýüldigi
  • söýüldik
  • söýüldim
  • söýüljek
  • söýülmedik
  • söýülmegini
  • söýülmeginiň
  • söýülmegiň
  • söýülmek
  • söýülmeklige
  • söýülmeklik
  • söýülmez
  • söýülmäge
  • söýülmän
  • söýülmänim
  • söýülse
  • söýülseň
  • söýülseňiz
  • söýülsin
  • söýülýän
  • söýülýändigiňizi
  • söýülýändir
  • söýülýäni
  • söýülýänligi
  • söýülýänliginiň
  • söýülýär