söýüşmek işlik

Biri-biriňi söýmek, biri-biriň bilen gowy görüşmek, halaşmak.

  • Gurt özi bilen dogan dan hem artyk söýşüp gezen ýigidi jan berende horkuldap aglady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Pökgen öz ýanyndan gyzy Baharyň söýşüp nika stolunda ýazylyşany Hoşgeldidir öýdüp pikirlenýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem söýüşmek - söýşer, söýşüpdir.


Duş gelýän formalary
  • söýüşdi
  • söýüşdik
  • söýüşdiler
  • söýüşdim
  • söýüşmegi
  • söýüşmegimize
  • söýüşmegine
  • söýüşmegiň
  • söýüşmek
  • söýüşmeklik
  • söýüşmeýän
  • söýüşmäge
  • söýüşmän
  • söýüşseňiz
  • söýüşýän
  • söýüşýändirler
  • söýüşýänleriň
  • söýüşýänligi
  • söýüşýänligimi
  • söýüşýär
  • söýüşýärdi
  • söýüşýärler
  • söýşen
  • söýşeni
  • söýşenlere
  • söýşenleri
  • söýşenlerinde
  • söýşenligi
  • söýşüp
  • söýşüň