Ulagy, esasan hem aty, düýäni we ş. m. gaty sürmek.
Ol dor alaşany Aýnalaryň ýeňsesi bilen säpjedip barýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem säpjetmek - säpjedýär, säpjeder, säpjedipdir.