[ru:hybelentlik]
Döredijilikli ylham, ruhy ýokary göteriliş ýagdaýy.
Adamlaryň tozan siňen ýüzlerinde bir hili ýagtylyk gözlerinde bir hili ruhubelentlik oýnaýan ýaly göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Halkyň ruhubelentlik çeşmesinden-kuwwat alyp barha joşýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ruhubelentlik bilen özüniň garaja öýünde rahat dynç alýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ruhubelentlik - ruhubelentligi.