ruhubelent ru‧hu‧be‧lent

[ru:hubelent]

Ruhy göterilen, ylhamly, keýpihon.

  • Men at çapylýan aýlawyň öňünde durup, dumly-duşumdaky gözel görnüşleri, ruhubelent, şadyýan adamlary synlaýardym. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ruhubelent - ruhubelendi.


Duş gelýän formalary
  • ruhubelentler
  • ruhubelentlige
  • ruhubelentligi
  • ruhubelentligimizi
  • ruhubelentligine
  • ruhubelentligini
  • ruhubelentligiň
  • ruhubelentlik
  • ruhubelentlikde
  • ruhubelentlikdir