[ru:h]
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem ruh - ruhum, ruhuň.
Bir zada bolan ynanjyň gaçmak, moral taýdan güýjüň ýitmek.
Meniň pikirimçe, ol ruhdan düşerin öýdüp gorkýardy. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)
Keýpini gaçyrmak, höwesini gaçyrmak.
Keýpini götermek, gylawlandyrmak.
Ýaz aýynyň güni bolany üçin ertiriň örän mylaýym howa adamynyň ruhuny göterýärdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
Ruhy göterilmek.
Ruhy galkynyp, süňňi ýeňledi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Keýpi göterilmek.
Ýüzünde gan-pet galmazlyk, ýüzüniň nury gaçmak.
Çozha-çozluk bolsa, namartlar gaçar, reňkleri saralyp, ruhlary öçer. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
[ru:h]
Küşdüň bir figurasynyň ady.
Küşdüň ruhuny Ýewropalylar «tura» diýip atlandyrýarlar. («Pioner» žurnaly)
Agaçdan ýonup perzi, pil, ruh, şa, at ýasatdylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem ruh - ruhum, ruhuň.