rugsat rug‧sat at

  1. Bir zat barada alnan ýa-da berlen ygtyýar, hukuk, hak.

    • Git oglum, git, bizden-ä saňa rugsat. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Mugallymyň rugsat bermegi bilen okuwçylar oturdylar. («Tokmak» žurnaly)

  2. Dynç almak üçin gullukdan, işden wagtlaýyn boşaýyş.

    • Şäherlerde we obalarda ýaş ýigitler we gyzlar tarp ýerler özleşdirilýän sowhozlardan rugsada gelenler bilen duşuşýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Rugsatda bolmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem rugsat - rugsady.


Duş gelýän formalary
  • rugsada
  • rugsady
  • rugsadym
  • rugsadymy
  • rugsadymyz
  • rugsadyn
  • rugsadyna
  • rugsadynda
  • rugsadyndan
  • rugsadyny
  • rugsadynyň
  • rugsadyň
  • rugsadyňyz
  • rugsat-da
  • rugsatda
  • rugsatdaky
  • rugsatdan
  • rugsatdyr
  • rugsatlar
  • rugsatlara
  • rugsatlardyr
  • rugsatlary
  • rugsatlaryna
  • rugsatlaryndan
  • rugsatlaryny
  • rugsatlarynyň
  • rugsatlaryň
  • rugsatly
  • rugsatmy
  • rugsatmydyr
  • rugsatmyş
  • rugsatsyz