renç renç

Azap, dert, güzap.

  • Oglan kemala gelende, wezir renjiniň biderek gitmänligine guwanyp, patyşanyň dergahynda oglanyň gylygyny taryplapdyr. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  • Baýlar hiç hili renç etmän geregini alýarlar. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  • Ol öz ekin meýdanyňdan hiçbir renç görmän, eneden dogluşy ýaly samsyklygyna-da öler. (M. Gorkiý, Eserler)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem renç - renjim, renjiň.


Duş gelýän formalary
  • renjiniň