reňk

  1. Boýalan, çalnan zadyna başgaça görnüş berýän we boýamak üçin ulanylýan material, boýag.

    • Biz kagyz, galam, reňk getirdik-de, tegelek stoluň töwereginde surat çekmäge ýerleşdik. (L. N. Tolstoý, Eserler)

  2. Bir zadyň tebigy öwüşgini, görnüşi.

    • Şunuň ýaly al-elwan reňk owadan gülleri men mundan ozal hiç wagt görmändim. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Şol orta boýly, arryk aýallaryň saçlary hyna reňkindedi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

öli reňki urmak

  1. Gorkudan reňki gaçmak, ýüzi agarmak.

  2. Syrkawlyk, horluk zerarly reňkiň solmak, saralmak.

reňk açmak

Gowy reňke öwrülip başlamak.

  • Günsaýyn iş önýär nagyş reňk alýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

reňkini durlamak

Oňat bir görnüşe gelmek, reňkini täzelemek, ýetişmek, bişmek, semremek.

reňkiň agmak

Gorkmak, essiň aýylmak we ş. m. sebäplere ýüzüň agarmak.

  • Ýaňaklary gyzarmaýar alma deý. Näme sebäp reňki biraz agypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

ýüzüniň reňki öçmek

seret ýüz 1


Duş gelýän formalary
  • reňkde
  • reňkdedi
  • reňkdedigi
  • reňkdedigini
  • reňkdediginiň
  • reňkdedir
  • reňkden
  • reňkdir
  • reňkdäki
  • reňke
  • reňkem
  • reňki
  • reňki-de
  • reňkidir
  • reňkim
  • reňkimi
  • reňkimiz
  • reňkimiň
  • reňkin
  • reňkinde
  • reňkindedi
  • reňkinden
  • reňkindäki
  • reňkine
  • reňkini
  • reňkini-de
  • reňkiniň
  • reňkiniňem
  • reňkiň
  • reňkiňem
  • reňkiňi
  • reňkiňiz
  • reňkler
  • reňklerde
  • reňklerden
  • reňklerdir
  • reňklerdäki
  • reňklere
  • reňklerem
  • reňkleri
  • reňklerim
  • reňklerimiz
  • reňklerinde
  • reňklerinden
  • reňklerine
  • reňklerini
  • reňkleriniň
  • reňkleriň
  • reňkli
  • reňklidir
  • reňklidirler
  • reňkliler
  • reňklileri
  • reňklilerini
  • reňklileriň
  • reňkliligi
  • reňkliliginden
  • reňkliligine
  • reňkliligiň
  • reňklilik
  • reňklisi
  • reňklisine
  • reňklisini
  • reňksiz
  • reňksizdir
  • reňksizdirler
  • reňksizlige
  • reňksizligi
  • reňksizligine
  • reňksizlik