[ra:zy:lyk]
Bir zada razy bolmaklyk, bir pikire goşulmaklyk, makul görüjilik ylalaşyk.
Ol barada uçilişçäniň direksiýasyndan razylyk aldy. (H. Ysmaýylow, Powestler)
Aşyr, dymmak-razylyk alamaty diýip düşündi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Men oňa razylygym bilen gelýänimi beýan edeýin. («Görogly» eposy)
Göwni hoşluk, minnetdarlyk.
Oňat edipsiň! -- diýip, ondan razylygyny bildirýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem razylyk - razylygy.