Bir zat barada ýokary instansiýa dilden ýa-da ýazuw üsti bilen berilýän resmi doklad, maglumat.
Üstünlikden raport berip, ýene öňe gitjekdirin. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Men seniň hakynda polkownige raport iberdim. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)
Tyçenko harby kada görä elini papagynyň etegine galdyryp, raport berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Zweno wožatylaryň raportlary kabul edilenden soň, ýygnanyşyk klasda başlandy. («Pioner» žurnaly)
Garýagdy raport berenden soň, maýor onuň arkasyna hakdy. (H. Ysmaýylow, Powestler)