Medisina Bedeniň iç ýüzünden we daşyndan dokumalaryň dürli tarapa birsyhly ösüp ýaýraýan howply çişmesi.
Rak diýilýän çişlerini öwrenmekde sowet ylmynyň gazanan üstünlikleri uludyr. (A. N. Kabanow, Adamyň anatomiýasy we fiziologiýasy)
Ol meniň beýnimde ýigrenji rak ýaly damar urup, tä gabra gadam urýançam bile ýaşar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem rak - ragym, ragyň.