[ra:hatlyk]
Doly ümsümlik, parahatlyk, dynçlyk, asudalyk, ynjalylyk.
Uzak azaplardan soň rahatlyk, asudalyk döwri başlanýar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Rähnet.
Öwrenen ökde hünäriniň üsti bilen hem özi rahatlyk görmek isleýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem rahatlyk - rahatlygy.
Birine azar bermek, birini ynjalyksyzlandyrmak.
Gelip meniň rahatlygym bozýarsyň. (Şekspir, Otello)