[ra:ýdaşlyk]
Bähbitleriň birligi, bir pikire herekete bolan aktiw duýgudaşlyk.
Bolşewikleriň çagyryşy boýunça Baku işçilerine raýdaşlyk alamaty hökmünde Peterburgda 90 müň işçi iş taşlady. (SSSR taryhy)
Iş taşlaýjylara raýdaşlyk etmek üçin, Amsterdamyň beýleki kärhanalarynyň hem ençemesiniň işçileri goşuldylar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
1905-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Rigada Peterburg işçilerine raýdaşlyk alamaty astynda ýüz adam gatnaşan miting boldy. («Mydam taýýar» gazeti)
Halkara proletar raýdaşlygy.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem raýdaşlyk - raýdaşlygy.