raý raý 1

[ra:ý]

  1. Öz akymly hereket, maýdal.

    • Köteliň düýbüne ýetip, öz raýyna aýak aldygyna çapyp, bir başa depäniň üstüne çykdy. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)

  2. Göwün, isleg.

    • Ol çagalaryň raýyny ýykmady. («Pioner» žurnaly)

    • Şonda hem ol daş-töweregini ýaltaklap oturanlaryň raýyny gözleýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Ak patyşanyň raýyna garap, ençe gezek ýüzläp manat berenler kimler? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Päl, niýet, pikir.

    • Ýüz müň akmak bolup gitse raýyna, ýüz müň özün ýola salan-da bardyr. (Magtymguly)

    • Saňa ýar gerek bolsa özüm tapyp bereýin, sen bu raýyňdan gaýt! («Görogly» eposy)

raýy gaýtmak

Göwni ýykylmak, göwni synmak.

raý raý 2

Medisina Özüňden gitmek keseli, beýhuş bolmak, keselli.

  • Ol raý bilen keselländir. («Sowet Türkmenistany» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • raýa
  • raýady
  • raýlaryndan
  • raýly
  • raýy
  • raýymdan
  • raýymy
  • raýymyz
  • raýyna
  • raýyndan
  • raýyny
  • raýynyň
  • raýyňa
  • raýyňdan
  • raýyňy
  • raýyňyzy