pytratmak pyt‧rat‧mak işlik

Her haýsyny bir tarapa dagadyp goýbermek, seçelendirip ýaýratmak, dargatmak.

  • Duşmanlaryň ýaşyryn höwürtgelerini yzarlap, tapyp pytradýardyk. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Okuwçylar dersi peliň içine endigan pytradyp dökdüler.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem pytratmak - pytradýar, pytradar, pytradypdyr.


Duş gelýän formalary
  • pytradanda
  • pytradasy
  • pytradyp
  • pytradypdyr
  • pytradypdyrlar
  • pytradýan
  • pytradýar
  • pytradýardyk
  • pytratdy
  • pytratdym
  • pytratjak
  • pytratmaga
  • pytratmak
  • pytratmazdan