[pyýa:da]
Adam.
Bu wagt içki jaýdan çykan ýognas gysga pyýada: -- Salam, ýoldaş maýor! -- diýip oňa elini uzatdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Uzynak bir arryk pyýada biziň gürrüňimize örän göwünjeň goşuldy. («Tokmak» žurnaly)
Ulaga münmän, öz aýagyň bilen ýöräp ulagsyz.
Aýsoltan oňa jogap berende, onuň sesi pyýada ýöräniň ýadaw sesini ýada salman, ýaňyja bag seýline çykan keýpi kök bir adamynyň sesi ýaly ýaňlandy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Spartagyň pyýada goşuny köp wagtlar Gresiýada ýeňilmez hasaplanypdyr. (Gadymy dünýä taryhy)
Dul gözi bilen, aýal alma, pyýada gözi bilen -- at. (nakyl)
Küştüň iň kiçi ähmiýetli çöpüniň ady.