Wagt, möhlet, çag, mütdet.
Aýsoltan jan, seniň bilen oturyşjakdyryn, gürrüň edişjekdirin weli, iş-alada bilen şoňa-da pursat tapmadyk kişi bolup ýörendirin. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Biziň işimizde agyr pursatlar bolýar. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Gysga wagt aralygynda bolup geçýän ýagdaý, amatly wagt.
Ol pursatdan peýdalanyp, göze dürtme garaňkyda suwdan doly stakany jyňkytdy. («Tokmak» žurnaly)
Pursat bir guşdur, elden sypdyrsan, uçar gider, ony gaýdyp tutmak bolmaz. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Maý. Ýagdaý, çem.
Pursat tapan mahaly it gaçjak bolup, bar güýji bilen bir tarapa baka özüni oklady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem pursat - pursady.