pukara pu‧ka‧ra

[pu:kara:]

  1. Barly bolmadyk, ýoksul garyp (adam).

    • Köpçülik pukaralar bolsa arçynlykdan elli bizar bolup, diňe tomaşaçy hökmünde durdular. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Ýer baýlardan alnyp, kileň özümiz ýaly ýersiz batraklara, pukaralara berilýär. (B. Soltannyýazow, Kümüş)

  2. Göçme manyda Biçäre, görgüli.

    • Ýeri, pukarany munça azara goýup, ondan näme çykdy diýsene?! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  3. Göçme manyda Gepi-gürrüňi ýok, sessiz-üýnsüz, ýuwaş (adam).

    • Ol örän pukara adam.


Duş gelýän formalary
  • pukaradyr
  • pukaraja
  • pukaralar
  • pukaralara
  • pukaralarda
  • pukaralary
  • pukaralarym
  • pukaralaryň
  • pukaralygy
  • pukaralygyna
  • pukaralygynyň
  • pukaralyk
  • pukarany
  • pukaranyň
  • pukaranyňam
  • pukarasy
  • pukarasyň
  • pukaraň