Pos bilen örtülen, poslap giden, pos baglan, zeňli.
Olaryň gapyrjakdan goparyp alan posly çüýleri hem bardy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Onuň aşak ýanynda, ýerde iki sany posly ýer demri ýatyr. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.
Meselem posly - posluda, poslular, poslusy.