poslamak pos‧la‧mak işlik

Ýüzi pos bilen örtülmek, pos baglamak, pos bolmak, zeňlemek.

  • Azalyň oky ýerinde bolsa-da tutawajy çykypdyr, demri poslapdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Egrem-bugram poslap ýatan turbany, Goýýar eltip gyzgyn oduň üstüne. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Gylyç gynynda ýatsa- poslar. (nakyl)

göwün poslamak

seret göwün

  • Emma Artygy ol gorkuzmady, geýiminiň eziljegini ýadyna salmady, gaýta onuň poslan göwnüni açdy, agyr oýlaryny ýeňletdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gulak poslamak

seret gulak

  • Siz biziň gulagymyzyň poslanyny nireden bildiňiz? (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • poslama
  • poslamaga
  • poslamagy
  • poslamagyna
  • poslamagyndan
  • poslamagynyň
  • poslamagyň
  • poslamak
  • poslamakdan
  • poslamany
  • poslamanyň
  • poslamasy
  • poslamasynyň
  • poslamaz
  • poslamazlyga
  • poslamazlygynyň
  • poslamazlyk
  • poslamaýan
  • poslamaýanlar
  • poslamaýar
  • poslamaň
  • poslan
  • poslap
  • poslapdyr
  • poslar
  • poslaryny
  • poslaýan
  • poslaýar