porsamak por‧sa‧mak işlik

  1. Ynjap, zaýalanyp ýakymsyz ys çalmak, harap bolup yslanmak.

    • Biz oňa maslyk porsak eken diýip aýdarys. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Balyk başyndan porsar. (nakyl)

    • Porsan et.

  2. Göçme manyda Birine paýyş, sögünç söz aýtmak.

    • Bulary-da gyr-jyr edip, agzyndan gelenini hem porsap sökdi. («Tokmak» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • porsajak
  • porsamadyk
  • porsamak
  • porsamakda
  • porsamasyn
  • porsamaň
  • porsan
  • porsanam
  • porsap
  • porsapdyr
  • porsar
  • porsarsyň
  • porsasak-da