Botanika Sogan düýp urup başlandan soň, onuň ortasyndan turbajyk şekilli ösüp çykýan hem-de tohum berýän gaty ýaşy, baldagy.
Ýegen ösümliginiň köki.
Melemtil tolkunlar porruklary, hyşalary çöp-çöpleri okgunly ilerledip, sanalgyça sekuntda göz öňünden uzaklaşdyrýardy. (N. Jumaýew, Ak derek)
Biz-ä ýoldaş komandir, buýan tapyp, porruk köwüp, süýji kökleri sorýarys. (B. Soltannyýazow, Kümüş)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem porruk - porrugy.