porhan por‧han

[porha:n]

Könelişen söz Köne dini-düşünjä ynanýan adamlaryň pikirine görä: dürli hereketler, sözler arkaly keselli adama jadygöýlik bilen täsir edip, keseli bejerip bilýän tebip, jadygöý adam.

  • Tebibi ýençdiň, porhany gysdyň, Ganojak baýlaryň köküni kesdiň. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

däli porhan bolmak

seret däli-porhan

  • Oglanlaryň ikinjisi aýdym aýdýar, sygyrýar, däli-porhan bolup gelýär. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  • Ýadymda bar, şol zerarly hatda däli-porhan bolýardym. (M. Gorkiý, Eserler)

  • Hojaguly birnäçe wagtdan bäri Altynyň daşyndan aşyk bolan bolup däli-porhan bolup ýöreýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • porhan-da
  • porhandy
  • porhandyr
  • porhanlar
  • porhanlara
  • porhanlaryň
  • porhany
  • porhanyň