Zoologiýa Uzyn hortumly we iki sany uzyn gyýakly örän ullakan süýtemdiriji haýwan.
Hiç kaçan deň gelmez pil bilen peşe, Garaňkylyk dyza çöker hemişe. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Ol piliň süňkünden ýasalan tesbisini sanap, öçüşen gözlerini güldürip jogap berdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Küşt tagtasynda diagonal boýunça göçýän mal.
Agaçdan ýonup, perzi, pil, ruh, şa, at ýasapdyrlar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
seret uklamak
Emma men entek piliň gulagynda uklaýan ekenim. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
[pi:l]
Ýer depmek ýa-da ýer gazmak üçin ulanylýan, demirden ýasalan ýasy gural.
Pil sapyna adatlanan eller ýarap tutmasyny bilmeýärdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol mellek ýerinde piliň ýa-da kätmeniň ulusy bilen işläp, uzyn gün arkasy bilen ýapdan suw çekmäge-de ýaltanmazdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)